Terrora garşy göreşde soňky bir hepdede 38 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Yragyň we Siriýanyň demirgazygy bilen birlikde alynyp barylýan operasiýalarda soňky 1 hepdede 38 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

2121616
Terrora garşy göreşde soňky bir hepdede 38 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiyäniň Milli Goranmak ministrliginiň metbugat ýygnagynda, Türkiyäniň Ýaragly güýçleriniň terrora garşy göreşiniň tutanýerlilik bilen dowam edýändigi mälim edildi. 

PKK/KJK/PÝD-ÝPG, DAIŞ we FETÖ başda bolmak bilen ähli terror guramalaryna garşy geçirilýän operasiýalar bilen Yragyň we Siriýanyň demirgazygy bilen birlikde alynyp barylýan operasiýalarda soňky 1 hepdede 38 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1-nji ýanwradan bäri täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sanynyň hem 268-i Yragyň demiragzygynda, 378-i Siriýanyň demirgazygynda bolmek bilen jemi 646-a ýetendigi habar berildi.

Bu hepde Yragyň demirgazygyndaky gaçybatalgalaryndan gaçan PKK-a agza 1 terrorçynyň Haburdaky gümrük geçelgesindäki birikmä boýun egendigi aýan edildi. 



Degişli Habarlar