Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär
Yragyň demirgazygynda PKK-a agza 5 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Yragyň demirgazygyndaky Penje-Gulp operasiýasy sebitinde ekstremist terror guramasy PKK-a agza 5 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.
Türkiyäniň Milli Goranmak ministrliginiň sosial media hasabyndan berilen beýanatda: "Yragyň demirgazygyndaky Penje-Gulp operasiýasy sebitinde anyklanan PKK-a agza 2 terrorçy, Türkiyäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirildi. Şeýlelik bilen sebitde täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sany 5-e ýetdi. Nirede bolsalar bolsunlar terror guramasy PKK-a garşy göreşimiz iň soňky terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirilýänçä çenli dowam eder" diýip habar berildi.
Milli Goranmak ministrliginden ozal berilen beýanatda Penje-Gulp operasiýasy sebitinde ekstremist terror guramasy PKK-a agza 3 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi habar berilipdi.
Degişli Habarlar
Prezident Erdogan, Gollandiýanyň Premýer-ministrini Kabul Etdi
Wahdettin köşgünde bolan kabul edilşik metbugata ýapyk häsiýetinde geçirildi.
TRT Ispan Digital Habar Platformasy Düşümli Bolsun
TRT Ispan digital habar platformasy dabaraly ýagdaýda açyldy.