Hakan Fidan Bilen Ýens Stoltenberg Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Fidan bilen Stoltenberg, sebitde başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.

2120139
Hakan Fidan Bilen Ýens Stoltenberg Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Daşary işler ministri Hakan Fidan, NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Diplomatik çeşmeleriň berýän habaryna görä, Fidan bilen Stoltenberg telefon söhbetdeşliginde sebitde başdan geçirilýän soňky wakalar we geljek hepde NATO agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň gatnaşmagynda geçiriljek maslahat üçin görülýän taýarlyklar hakynda pikir alyşdy.

 



Degişli Habarlar