Numan Kurtulmuşyň Nowruz baýramy bilen bagly gutlagy

Kurtulmuş: "Nowruz täze bir başlangyjyň buşlaukçysydyr, geljege umyt bilen garamagyň wagtydyr" diýip belledi

2118521
Numan Kurtulmuşyň Nowruz baýramy bilen bagly gutlagy

Türkiyäniň Beýik Millet Mejlisiniň (TBMM) başlygy Numan Kurtulmuş, umydy, berekedi we tebigatyň janlanmagyny alamatlandyrýan we müňlerçe ýyl bäri dowam edip gelýän köp ýyllyk taryhy bolan Newruz baýramynyň joşgun bilen bellenilip geçilýändigini aýtdy. 

TBMM-nyň başlygy Numan Kurtulmuş 21-nji mart Nowruz baýramy bilen bagly çap eden gutlag hatynda, Nowruz baharyň we direlişiň habarçysydyr, bu baýramda bollygyň we berekediň paýlaşylýandygyny, söýginiň we hormatyň güýçlendirilýändigini aýtdy.

Numan Kurtulmuş Ýakyn Gündogardan Orta Aziýa çenli tapawutly geografiýalarda bellenip geçilýän Nowruzyň, esasyndaky gymmatlyklar bilen adamlaryň bir ýere jemlenip, umytlaryny täzeleýän bir baýram hökmünde jebisligiň we agzybirligiň nyşanydygyny beýan etdi. 

Kurtulmuş: "Nowruz täze bir başlangyjyň buşlaukçysydyr, geljege umyt bilen garamagyň wagtydyr" diýip belledi. 



Degişli Habarlar