Erdogan Kaýseride Halka Ýüzlenip Çykyş Etdi

Prezident R.T.Erdogan ykdysadyýetini 21 ýylda 3 esse ulaldan Türkiýäni ýene-de 2 esse ulaldyp, dünýäniň güýçli ykdysadyýete eýe ýurtlarynyň hataryna goşmagy maksat edinýändiklerini aýtdy.

2118528
Erdogan Kaýseride Halka Ýüzlenip Çykyş Etdi

Adalat we ösüş partiýasyna hem başlyklyk edýän Prezident Erdogan, partiýasynyň Kaýseri welaýatyndaky mitinginde halka ýüzlenip çykyş etdi.

Çykyşynyň başynda halkyň Nowruz baýramyny gutlan Erdogan; “Bütin milletimiziň, Nowruz şatlygyny başdan geçirýän sebitimizdäki ähli doganlarymyzyň Nowruz baýramyny gutlaýaryn. Orta Aziýadan Balkan ýurtlaryna çenli giň sebitde täze umytlar bilen bellenilip geçilýän Nowruzyň düşümli bolmagyny arzuw edýärin” diýdi.

Ykdysadyýet hakynda-da durup geçen Erdogan; “Türkiýäni 21-nji asyrda 3 esse ulaltmagyň hötdesinden geldik. İndi maskadymyz geljekki döwürde ýrudumyzy ýene-de 2 esse ulaldyp, dünýäniň iň güýçli ykdysadyýete eýe ýurtlarynyň hataryna goşmak” diýdi.



Degişli Habarlar