Prezident Erdogan terrora garşy göreş barada beýanat berdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan terrora garşy göreş bilen baglanşykly: "Yrak serhedimiziň şu tomusdan başlap howpsuzlygyny doly üpjün ederis we Siriýadaky ýarym galan işimizi hökman tamamlarys" diýip belledi

2117199
Prezident Erdogan terrora garşy göreş barada beýanat berdi
erdogan askerle iftar.jpg
erdogan askerle iftar.jpg

Prezident Erdogan paýtagt Ankara şäherinde esgerler bilen agzaçar programmasynda duşuşdy. 

"Şehitleriň gany bilen suwlanan öz ýurdumyzda erkin, başy dik, mertebeli we asuda ýaşamak isleýän bolsak, oýunlary bozmakdan, hyýanatçylykly amallary gursaklarynda goýmaga dowam etmekden başga alajymyz ýok" diýip aýdan Prezident Erdogan, şol nukdaýnazardan güýçli goşuna eýe bolmagyň ileri tutmadan öte, mejburlykdygyny beýan etdi. 

Türkiyäniň eýmendirme güýjüni hemişe iň ýokary derejede saklamaly bir ýurtdugyny aýdan Prezident Erdogan: "Diňe öz bilimimiz, öz güýjümiz we ösen serişdelerimiz we mümkinçiliklerimiz bizi duşmanlarymyzdan gorap biler" diýip habar berdi. 

Prezident Erdogan güýçli goşunyň milletiň agzybirliginiň we doganlygynyň iň esasy özenidigini aýtdy.

Erdogan, ganly terror guramalaryna garşy alyp barýan kyn söweşleriniň üstünlikli netijelenmegini üpjün etmek üçin esgerlere her dürli goldaw berýändiklerini we berjekdiklerini aýtdy.

Birnäçe wagt bäri sabyrlylyk bilen durmuşa geçirýän terrory gözbaşynda ýok etmek strategiýasynyň oňyn netijelerini serhetleriň içinde we daşynda görüp başlandyklaryna ünsi çeken Prezident Erdogan: "Operasiýalarymyzyň netijesinde öljek bolup ýatan, gowy çüňke gabalan we ýok bolmak nokadyna gelen şol hakyna tutma ganhorlaryň ýaňadandan dikelmegine, mileltimize ýaňadandan bela bolmagyna çürt-kesik rugsat bermeris. Haýsy tarapyň taslamasydygyna garamazdan, günorta serhetlerimizden çäginde bir terror döwletiniň döredilmegine ýol bermeris. Yrak serhedimiziň şu tomusdan başlap howpsuzlygyny doly üpjün ederis we Siriýadaky ýarym galan işimizi hökman tamamlarys" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar