Milli Goranmak Ministri Ýaşar Güler Hakkaridäki Harby Merkezlere Bardy

Serkerdeler bilen duşuşan Ýaşar Güler, Yragyň demirgazygynda geçirilýän operasiýalar hakynda maglumat aldy.

2115969
Milli Goranmak Ministri Ýaşar Güler Hakkaridäki Harby Merkezlere Bardy

Milli Goranmak ministri Ýaşar Güler, Yraga guran saparyndan soň Hakkaridäki harby merkezlere baryp gördi.

Ministrlikden berlen beýannama görä, Ýaşar Güler, Daşary işler ministri Hakan Fidan we Milli Howpsuzlyk gullugynyň başlygy Ibrahim Kalyn bilen düýn Yraga guran saparyndan soň Hakkara geçdi.

Hakkariniň Ýüksekowa etrabyna baran Milli Goranmak ministri Ýaşar Güler sebitdäki harby merkezlere baryp gördi.

Serkerdeler bilen duşuşan Ýaşar Güler, Yragyň demirgazygynda geçirilýän operasiýalar hakynda maglumat aldy.



Degişli Habarlar