Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär

Soňky 1 hepde-de geçirlen operasiýalarda 63 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

2115401
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär

Terror guramasyna garşy geçirilýän ýurduň içinde we serhetaşa operasiýalar dowam edýär.

Paýtagt Ankara Milli Goranmak ministrliginden berlen beýannama görä, Yragyň we Siriýanyň demirgazygy bilen birlikde soňky 1 hepde-de geçirlen operasiýalarda 63 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri Yragyň demirgazygynda 229, Siriýanyn demirgazygynda 353 bolmak bilen jemi 582 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

 Ekstremist terror guramasynyň hataryndan gaçýanlaryň sany hem gün saýyn artýar.

Soňky gezek geçen hepde Yragyň demirgazygyndaky gaçybatalgalaryndan gaçan PKK-ly 2 terrorçy Habukda howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi.

 



Degişli Habarlar