Milli Goranmak ministri Yrak serhedine bardy

Türkiyäniň Milli Goranmak ministri Ýaşar Güler Türkiyäniň Yrak serhedinde gözegçilik işlerini geçirdi

2114954
Milli Goranmak ministri Yrak serhedine bardy

Milli Goranmak ministrligiň sosial media hasabyndan berilen beýanatda, ministr Ýaşar Güleriň Goranmak ministriniň orunbasary Şuaý Alpaý bilen bilelikde Şyrnak welaýatyna gidendigi habar berildi. 

Ministr Ýaşar Güler ol ýerde gözegçilik we barlag işlerini geçirendigi mälim edildi. 

Yragyň demirgazygynda dowam edýän operasiýalar barada maglumat alan Ýaşar Güler, sebitde geçiriljek işler barada hem görkezmeler berdi. 



Degişli Habarlar