Erdogan Şyrnakda Möhüm Ýüzlenmeler Berdi

Prezident R.T.Erdogan partiýasynyň Şyrnak welaýatyndaky mitinginde eden çykyşynda terrorizme garşy göreş hakynda durup geçdi.

2115010
Erdogan Şyrnakda Möhüm Ýüzlenmeler Berdi

Erdogan: “Günorta serhetlerimizde gurmaga başlan howpsuzlyk koridorymyz bilen daş-töweregimizdäki oduň turumyza syçramagynyň öňüni dolulygyna alarys” diýdi.

Prezident Erdogan Türkiýäniň şol oduň içine çekmek üçin peýdalanylýan terror guramalary bilen ýurduň serhetleriniň arasyna böwet basyp, hem imperalistler hem-de olaryň oýnatgylary bilen arany açýandyklaryny aýtdy.

Ýakyn geljekde-de çeşmelerinden peýdalanmak üçin Türkiýä uçaryndan tankyna, dik uçaryndan radaryna dürli goranyş enjamlaryny satýanlaryň indi türk önümlerini islemäge başlandygyny gürrüň beren Erdogan; “Uzak ýyllaryň dowamynda ýurdumyzy bazar, halkymyzy arzan el güýji, toprağymyzy arzan çig mal serişdesi hökmünde görenler, indi biziň bazarymyza öwrüldi. Ýagny, oýuny tersine öwürdik. Durnuklylyk we ynam şertlerimizi gorap saklan halatymyzda jebisligimize, agzybirligimize, doğanlyğymyza eýe çyksak, aramyza pitne sokmak isleýän pespällere ýol bermän, eýe bolan şertlerimizden ýerlikli peýdalanan halatymyzda hasam öňe gideriş” diýdi.



Degişli Habarlar