Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Türkiyäniň Milli Goranmak ministrliginiň sosial media hasabyndan beýanat berdi

2113904
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Siriýanyň demirgazygyndaky Ýewfrat Galkany sebitinde asudalyk we howpsuzlyk gurşawyny bozmak maksady bilen hüjüm guramaga taýarlyk görendikleri anyklanan ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Türkiyäniň Milli Goranmak ministrliginiň sosial media hasabyndan berilen beýanatda: "gahryman komandos güýçlerimiz Siriýanyň demirgazygyndaky Ýewfrat Galkany sebitinde asudalyk we howpsuzlyk gurşawyny bozmak maksady bilen hüjüm guramaga taýarlyk görendikleri anyklanan ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 3 terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirdi. Terrorçylary hyýanatçylykly amallaryna ýetmeden täsirsiz ýagdaýa getirmäge dowam ederis" diýip habar berildi. 

Milli Goranmak ministrliginden ozal berilen beýanatda bolsa Yragyň demirgazygyndaky Penje-Gulp operasiýasy sebitinde ekstremist terror guramasy PKK-a agza 3 terrorçynyň, Hakurk sebitinde bolsa 2 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi mälim edilipdi. 


Etiketkalar: #Yrak , #Siriýa , #terrorçy , #ÝPG , #PKK

Degişli Habarlar