Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý Şu Gün Türkiýä Geler

Prezident Erdogan bilen myhman kärdeşiniň Türkiýe-Ukraina gatnaşyklaryny hem ara alyp maslahatlaşjakdygy bellenildi.

2112618
Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý Şu Gün Türkiýä Geler

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý şu gün resmi sapar bilen Türkiýä geler.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasy, Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiniň şu gün resmi sapar bilen Türkiýä geljekdigini habar berdi.

Ukrainanyň Prezidentiniň Türkiýä gurajak resmi saparynyň çäginde 2 ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän Ukraina-Russiýa söweşi, Galla geçelgesi ylalaşygy we sebitde yzygiderli parahatçylygyň ýola goýulmagy meselesiniň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.

Prezident Erdogan bilen myhman kärdeşiniň Türkiýe-Ukraina gatnaşyklaryny hem ara alyp maslahatlaşjakdygy bellenildi.

 



Degişli Habarlar