Türkiye Ysraýylyň bikanun ýaşaýyş jaý meýilnamasyna reaksiýa bildirdi

Türkiye Ysraýylyň Günbatar Şeriadaky bikanun ýaşaýyş jaý meýilnamasyna reaksiýa bildirip: "Bu hereket bes edilmelidir" diýdi

2112184
Türkiye Ysraýylyň bikanun ýaşaýyş jaý meýilnamasyna reaksiýa bildirdi

Türkiyäniň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Önjü Keçeli, X sosial media platformasyndan beren beýanatynda: "Ysraýylly resmileriň Günbatar Şeriada 3500 ýaşaýyş jaýyny gurmak barada tassyklan meýilnamasy, Palestinanyň topraklaryndaky basyp alyşlygyň giňeldilmegi manysyna gelýär. Bu hereket gyssagly bes edilmelidir" diýip habar berdi. 

Ysraýylyň halkara hukugyny mundan beýläk bozmagynyň öňüni almak üçin onuň eden jenaýatlarynyň iň takyk terminologiýada kesgitlenmeginiň zerurdygyny aýdan Önjü Keçeli, Günbatar Şeriadaky basyp alyşlyk hereketleriniň halkara jemgyýet tarapyndan "bikanun ilatly ýer" diýip atlandyrmagynyň ýeterlik derejede bolmandygyny beýan etdi. 

Önjü Keçeli: "Mesele Ysraýylyň kanuny taýdan Palestina halkyna degişli ýerleri zor bilen ele geçirmegidir" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar