Hakan Fidan ABŞ-da saparda bolar

Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan 7-8-nji mart aralygynda ABŞ-na resmi sapar gurar

2111807
Hakan Fidan ABŞ-da saparda bolar

Türkiyäniň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda: "Hormatly ministrimiz 2024-nji ýylyň 7-8-nji mart aralygynda ABŞ-na resmi sapar gurar. Ady agzalan saparyň çäginde Türkiye-ABŞ Strategik mehanizm maslahaty geçiriler. Hormatly ministrimiziň şol çäkde ABŞ-nyň döwlet sekretary Entoni Blinken bilen duşuşyk geçirmegi we ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyz bilen birlikde sebitleýin we global meseleler babatynda pikir alyşmagy göz öňünde tutulýar" diýip habar berildi. 


Etiketkalar: #sapar , #ABŞ , #Hakan Fidan

Degişli Habarlar