Türkiýe Gaza Ynsanperwer Kömek Ugradar

Türk Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň Başlygy Fatma Meriç Ýylmaz 2,700 tonna arabar ynsanperwer kömegiň Gaza ýetiriljekdigini beýan etdi.

2110315
Türkiýe Gaza Ynsanperwer Kömek Ugradar

Ýylmaz sosial media hasabyndan beren habarnamasynda Gaza ynsanperwer kömegini alyp girjek gämilerden ýene-de biriniň Türk ýarym gyzylaý jemgyýeti tarapyndan taýýarlanandygyny mälim etdi.

2,700 tonna barabar kömegiň ýükmenmäge dowam edýändigi, gäminiň Mersin portundan ugrap, Müsüre barjakdygyny beýan eden Ýylmaz, “Soň kömek gämimiz konteýnerler bilen Rafah gümrük geçelgesinden Gaza barar” diýip, ýazdy.

Ysraýylyň Gaza Sektoruna 7-nji oktýabrdan bäri dowam edýän pajygaly hüjümlerinde esasy bölegi çagalardan ybarat 30 müňden gowrak adam ýogaldy.



Degişli Habarlar