Türkiýe Afrika Ýurtlary Bilen Ýakyndan Hyzmatdaşlyk Edýär

Antalýa Diplomatiýa forumyna Afrika ýurtlaryndan 9 döwlet we hökümet baştutany bilen 25 ýurduň daşary işler ministri gatnaşdy.

2110362
Türkiýe Afrika Ýurtlary Bilen Ýakyndan Hyzmatdaşlyk Edýär

Daşary işler ministri Hakan Fidan, mart aýynyň 1-3-i aralygynda geçirlen 3-nji Antalýa Diplomatiýa forumynyň çäginde Afrika ýurtlarynyň daşary işler ministrleri we sebitleýin guramalaryň liderleri bilen duşuşdy.

Diplomatik çeşmeleriň berýän habaryna görä, ministr Fidan Afrikaly wekiller bilen bolan duşuşygynda, Türkiýäniň Afrika ýurtlary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýändigine ünsi çekip, gatnaşyklaryň özara bähbide we sylag hormada esaslanýandygyny aýtdy.

Türkiýäniň 44 Afrika ýurdunda ilçihanasynyň bardygyny aýdan Fidan, afrika ýurtlary bilen edilýän söwda mukdarynyň 40 milliard dollardan, Türkiýäniň sebitdäki göniden maýa goýumlarynyň hem 6 milliard dollardan geçendigini ýatlatdy.

Antalýa Diplomatiýa forumyna Afrika ýurtlaryndan 9 döwlet we hökümet baştutany bilen 25 ýurduň daşary işler ministri gatnaşdy.

 



Degişli Habarlar