Şimşek G20-niň Maslahatyna Gatnaşdy

Gazna we maliýe ministri Mehmet Şimşek G20-ä agza ýurtlaryň ministrler we Merkezi bankyň başlyklarynyň derejesindäki maslahatyna gatnaşdy.

2109594
Şimşek G20-niň Maslahatyna Gatnaşdy

Ministr Şimşek maslahat hakynda; “Geçiren özara duşuşyklarymda Türkiýäniň ykdysadyýeti hakyndaky ösüşleri analiz edip, köp taraply galkynyş banklary we döwletler bilen gatnaşyklarymyzy hem-de hyzmatdaşlyklarymyzy güýçlendirjek ugurlarda pikir alyşdyk” diýdi.

Ministr Şimşek sosial media hasaby X-den Braziliýanyň Sao Paulo şäherinde geçirilen G20-ä agza ýurtlaryň ministrler we Merkezi bankyň başlyklarynyň derejesindäki maslahaty hakynda habarnama berdi.

Ýylyň ilkinji maslahatyna gatnaşandyklaryny beýan eden Şimşek; “Global ykdysady panoramanyn ýany bilen gün-tertibindaki deňsizlikleriň azaldylmagy, halkara salgytlandyryş we durnukly galkynyşyň maliýeleşdirilmegi ýaly ugurlary seljerdik.

Şeýle hem geçiren özara duşuşyklarymda Türkiýäniň ykdysadyýeti hakyndaky ösüşleri analiz edip, köp taraply galkynyş banklary we döwletler bilen gatnaşyklarymyzy hem-de hyzmatdaşlyklarymyzy güýçlendirjek ugurlarda pikir alyşdyk” diýip ýazdy.



Degişli Habarlar