Türkiye diplomatik ulgamy iň uly bolan 3-nji ýurt boldy

Diplomatik çeşmelere görä Türkiye 2002-nji ýylda 163 daşary ýurt wekilhanalarynyň sanynyň 2024-nji ýyla çenli 261-e ýetirdi

2108601
Türkiye diplomatik ulgamy iň uly bolan 3-nji ýurt boldy

Merkezi Awstraliýada ýerleşýän Lowy instituty, dünýädäki iň möhüm diplomatik torlary kesgitlemek maksady bilen Aziýa, G20 we Ykdysady hyzmatdaşlyk we galkynyş guramasyna (OECD) agza 66 ýurt bilen bagly geçiren derňewini "Global Diplomatiýa indeksi" atly habarnamasynda çap etdi.  

Habarnamada 2023-nji ýylyň iýul-noýabr aýlary aralygynda 66 ýurt we sebitiň resmi edaralaryndan alynan maglumatlaryndan peýdalanyldy. 

Ýurtlaryň we sebitiň eýe bolan daşary ýurt wekilhanalarynyň sanyna görä sanawy düzüldi. Şoňa laýyklykda diplomatik tory iň giň bolan ýurt Hytaý bolan bolsa, 2-nji oruna ABŞ eýe boldy. 

Habarnama görä dünýä derejesinde 252 sany daşary ýurt wekilhanasy bolan Türkiye diplomatik ulgamy iň uly bolan 3-nji ýurt boldy.

Türkiyäniň 2021-nji ýyldan bäri 11 daşary ýurt wekilhanasyny açandygy we şolaryň aglabasynyň Ýakyn Gündogar we Afrika sebitlerinde ýerleşýändigi bellenen habarnamada, ýurduň diplomatik torunyň takmynan 40 göteriminiň Ýewropada ýerleşýändigi aýan edildi. 

Habarnamada Hytaý, ABŞ we Türkiyeden soň nobat bilen Ýaponiýa, Fransiýa, Russiýa, Beýik Britaniýa, Germaniýa, Italiýa we Braziliýa ilkinji 10-luga girdi. 

Diplomatik çeşmelere görä Türkiye 2002-nji ýylda 163 daşary ýurt wekilhanalarynyň sanynyň 2024-nji ýyla çenli 261-e ýetirdi.



Degişli Habarlar