Hakan Fidan Meksikada Saparda Boldy

Iki kärdeş duşuşykda Türkiýe bilen Meksikanyň arasyndaky syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklar hakynda pikir alyşdy.

2107706
Hakan Fidan Meksikada Saparda Boldy

Resmi sapar bilen Meksika giden Daşary işler ministri Hakan Fidan kärdeşi Alisiýa Barsena Ibarra bilen duşuşdy.

Iki kärdeş duşuşykda Türkiýe bilen Meksikanyň arasyndaky syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklar hakynda pikir alyşdy.

Duşuşykda, bikanun göç we terrora garşy göreş meselesi hem gün tertibine getirildi.

Meksikanyň Wekiller Mejlisiniň başlygy Kastillo bilen duşuşan Fidan soň bolsa Türkiýäniň Meksikadaky ilçihanasynda möhüm duşuşyklar geçirdi.

 



Degişli Habarlar