Türkiýe Döwrebap Harby Uçar Öndürmekde Möhüm Sepgide Ýetdi

Prezident R.T.Erdogan Türkiýäniň döwrebap harby uçar öndürmekde möhüm sepgide ýetendigini aýtdy.

2105550
Türkiýe Döwrebap Harby Uçar Öndürmekde Möhüm Sepgide Ýetdi

Erdogan Adalat we ösüş partiýasynyň Afýonkarahisar welaýatynda geçiren mitinginde çykyş etdi.

Şu gün türk goranyş senagatynyň buýsançly günlerinden birini başdan geçirýändiklerini beýan eden Erdogan; “Milli söweşjeň uçarymyz “KAAN” şu gün ilkinji uçuşyny üstünlikbilen amala aşyrdy. Hötdesinden geldik we gelmäge dowam ederis” diýdi.

“KAAN-yň” F-16 ýaly özbolyşlyga eýedigini beýan eden Erdogan, Türkiýäniň döwrebap uçaryny öndürmekde möhüm sepgitlerden ýene-de birine ýetendiklerini aýtdy.

Türkiýäniň uçarmansyz howa ulaglaryny, “Akynjyny”, “Gyzylalmany” öndürendigini ýatladan Erdogan; Goranyş senagatynda milletimize täze buşluklary bermäge dowam ederis” diýdi.

 



Degişli Habarlar