Milli Goranmak Ministri Güler Brýussele Gitdi

Ýaşar Güler NATO agza ýurtlaryň Goranmak ministrleriniň derecesindäki maslahatyna gatnaşar

2102502
Milli Goranmak Ministri Güler Brýussele Gitdi

Milli goranmak ministri Ýaşar Güler NATO agza ýurtlaryň Goranmak ministrleriniň derecesindäki maslahatyna gatnaşmak üçin Belgiýanyň paýtagty Brýussele gitdi.

Ministrlikden berilen beýannamada Prezident R.T.Erdoganyň Birleşen Arap Emirliklerine we Müsüre guran saparlaryna gatnaşan Güleriň, Müsür saparyndan soň Brýussele gidendigi mälim edildi.

Beýannamada Güleriň NATO agza ýurtlaryň Goranmak ministrleriniň derecesinde geçirilcek maslahata gatnaşcakdygy we käbir kärdeşleri bilen ikiçäk duşuşyklar geçircekdigi habar berilýär.



Degişli Habarlar