Türkiyäniň Prezidenti Müsüre sapar gurar

Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan şu gün 12 ýyl arakesmden soň Müsüre resmi sapar gurar

2101967
Türkiyäniň Prezidenti Müsüre sapar gurar

Prezident Erdogan müsürli kärdeşi Abdulfettah as-Sisi bilen ýurduň paýtagty Kair şäherinde duşuşyk geçirer. 

Geçiriljek duşuşygyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugry Türkiye bilen Müsüriň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi bolar. 

Ýokary derejeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk mehanizminiň işjeňleşdirilmeginiň çäginde ediljek ädimleriň ele alynjak duşuşyklarda, söwda, goranyş, energetika we syýahatçylyk ýaly tapawutly ugurlardaky mümkinçilikler ara alynyp maslahatlaşylar. 

Duşuşykda mundan başgada Ysraýylyň Palestina garşy hüjümleri ele alynar. 



Degişli Habarlar