Türkiye Ysraýylyň Gaza zolagynyň Refah şäherine guraýan hüjümlerine alada bildirýär
Türkiye Ysraýylyň harby güýçleriniň Gaza zolagynyň Refah şäherinde artan hüjümlerine alada bildirýändigini habar berdi
2101205
![Türkiye Ysraýylyň Gaza zolagynyň Refah şäherine guraýan hüjümlerine alada bildirýär](http://cdn.trt.net.tr/images/xlarge/rectangle/2e85/c7c7/87c2/659655730f7fb.jpg?time=1722046669)
Türkiyäniň Daşary işler ministrliginden mesele bilen bagly berilen beýanatda: "Ysraýylyň Gaza zolagynda şu günki güne çenli amala aşyran weýrançylyklaryndan we gyrgynçylyklaryndan soň, Refah şäherine garşy artan hüjümlerine uly alada bildirýäris. BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşi başda bolmak bilen halkara jemgyýeti Ysraýyly duruzmak üçin zerur bolan ädimleri etmäge çagyrýarys" diýip habar berildi.