Türkiýe Somala Gynanç Bildirdi

,“Türkiýe, Somaliniň howpsuzlygyna, durnuklylygyna we bagtyýarlygyna goldaw bermäge dowam eder”

2100799
Türkiýe Somala Gynanç Bildirdi

Türkiýe, Somaliniň paýtagty Mogadişuda guralalan terrorçylykly hüjümlerde ýogalanlar üçin gynanç bildirdi.

Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaçe beýannamada, “Somaliniň howpsuzlygyny üpjün edýän harby hünärmenleriň ýogalmagyna uly gynanç bildirýäris. Somaliniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň we Bahreýniň halkyna duýgudaşlyk bildirýäris” diýildi.

Beýannamada, “Türkiýe, Somaliniň howpsuzlygyna, durnuklylygyna we bagtyýarlygyna goldaw bermäge dowam eder” diýildi.

Mogadişudaky Gordan harby merkezine guralan hüjümde Birlen Arap Emirlikleriniň ýokary çinli harby ýolbaşçylary bilen birlikde köp sanly adam ýogalypdy we ýaralanypdy.

Hüjümiň jogapkärçiligini terror guramasy Aş Şebab öz üstüne aldy.

 



Degişli Habarlar