Prezident Erdogan şäherleri özgertmek tapgyryny has hem tizleşdirjekdiklerini habar berdi

Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan şäherleri özgertmek tapgyryny has hem tizleşdirjekdiklerini habar berdi

2100711
Prezident Erdogan şäherleri özgertmek tapgyryny has hem tizleşdirjekdiklerini habar berdi

Prezident Erdogan Adalat we ösüş partiýasynyň Tekirdag welaýatynda geçirilen mitinginde halka ýüzlenip çykyş etdi. 

Geçen ýylyň 6-njy fewralynda başdan geçirilen güýç merkezi Kahramanmaraş welaýaty bolan ýer titremelerden soň sebiti ýaňadandan dikeltmek işlerini tiz depginler bilen dowam etdirýändiklerini aýdan Prezident Erdogan: "53 müňden gowrak raýatymyzyň ýogalan apatyň 1-nji ýylynda ol ýere bardyk. Hökümetimiziň ýer titreme sebitini asla terk etmändigini we mundan soň hem etmejekdigini ýene-de bir gezek subut etdik. Gurluşygy tamamlanan ýaşaýyş jaýlary bijelerini çekip, doganlarymyza gowşurdyk" diýip habar berdi. 

Ýer titremäniň täsir ýetiren 11 welaýata baryp görüp, ýer eýelerine ýaşaýyş jaýlaryny gowşurmaga dowam edýändiklerini aýdan Prezident Erdogan: "5 welaýatda hut özümiziň gowşuran ýaşaýyş jaýlarymyzyň sany 31 müňden geçdi. Durmarys. Şol hakykata daşary ýurtlardan sebite gelen daşary ýurtly metbugat işgärleri hem aç-açan görýärler" diýip mälim etdi. 

Prezident Rejep Taýýip Erdogan şäherleri özgertmek tapgyryny has hem tizleşdirjekdiklerini habar berdi.



Degişli Habarlar