Yraýylyň Edýän Gumanitar we Harby Jenaýatlarynyň Ünsden Düşürilmezligi Üçin Tagalla Edýäris

Prezident R.T.Erdogan Stambulda geçirilýän Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň Ýaşlar forumynyň 5-nji Sessiýasyna wideo ýüzlenme ugratdy.

2100082
Yraýylyň Edýän Gumanitar we Harby Jenaýatlarynyň Ünsden Düşürilmezligi Üçin Tagalla Edýäris

Erdogan ýüzlenmesinde ýaşlaryn ykdysady, medeni we jemgyýetçilik uğurlarda güýçlenip, ynamly ýetişmekleri üçin giňden iş alyp barýan forumy gutlap; “Musulman ýaşlaryn bilelikde hereket etmegiňiziň nähili möhüm ähmiýete eýedigini 7-nji oktýabrdab bäri Gazada we Palestinanyň basylyp alynan ýerlerinde edilýän gyrgynçylyklarda ýene-de bir gezek gördük. Bütin dünýäniň gözüniň öňünde Ysraýylyň basyp alyjy güýçleri çaga-çoluk we Zenanlardan ybarat 28 müň palestinaly doğanlarymyzy wagşylarça şehit etdi. Ysraýylyň gönüden asuda ilaty nyşana alýan bombardymanlarynyň netijesinde 67 müňden gowrak bigünä palestinaly ýaralandy” diýdi.

Ybadathanalaryň, mekdepleriň, hassahanalaryň we jemgyýetçilik binalaryn ählisini Ysraýylyň faşistleriňkä meňzeş hüjümlerinde ýumrulandygyny beýan eden Erdogan; “Bu hüjümlerde Türkiýe palestinaly doğanlarymyz bilen doly arkalaşdyk. Ynsanperwer kömekleri ýetirmekden rak kesellileriň ýurdumyza getirilip bejerilmegine çenli ençeme başlangyjy etdik. Halkara arenada Ysraýylyň edýän gumanitar we harby jenaýatlarynyň ünsden düşürilmezligi üçin irginsiz tagalla edýäris.

Musulman ýurtlarynyň Ysraýylyň Gazadaky zulmuna bilelikde reaksiýa görkezmegi we bilelikde hereket etmegi üçin diplomatik tagallamyzy dowam etdirýäris. Palestinada basyp alyjylyk syýasatlary we gyrgynçylyklar bes edilenden soň 1967-nji ýyldaky serhetleriň esasynda paýtagty İýerusalim bolan garaşsyz, özygtyýarly we territorial bitewiligi üpjün edilen Palestina döwleti döredilýänçä göreşimizi dowam etdireris” diýdi.



Degişli Habarlar