Türkiyäniň Daşary işler ministri Liwiýada saparda bolýar

Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan Malta saparyny tamamlap, Liwiýa geçdi

2099066
Türkiyäniň Daşary işler ministri Liwiýada saparda bolýar

Türkiyäniň Daşary işler ministrliginiň X sosial media hasabyndan berilen beýanatda, Daşary işler ministri Hakan Fidanyň Tripolide Liwiýanyň Milli jebislik hökümediniň Premýer ministri Abdulhamid Dibeýbe bilen duşuşyk geçirendigi habar berildi. 

Hakan Fidan mundan başgada Türkiyäniň Liwiýadaky operatiw topar serkerdeligine baryp gördi. 

Daşary işler ministri Hakan Fidanyň Tripoli saparyndan soň şu gün agşam Türkiyä gaýdyp gelmegine garaşylýar. 


Etiketkalar: #Malta , #sapar , #Liwiýa , #Hakan Fidan

Degişli Habarlar