Türkiyäniň Ýaragly güýçleri Ýakyn Gündogaryň iň güýçli goşunyna eýe...

Merkezi ABŞ-da ýerleşýän Global Firepower saýty tarapyndan geçirilen derňewleriň netijesinde Ýakyn gündogaryň iň güýçli goşunlary belli boldy

2095478
Türkiyäniň Ýaragly güýçleri Ýakyn Gündogaryň iň güýçli goşunyna eýe...

Derňewleriň çäginde ýurtlaryň tehnologiýalary, harby bölümleriň mukdary, maliýe ýagdaýy, logistikalary, hereket we geografiki ýerleşiş ýaly 60-dan gowrak faktor gözden geçirildi. 

Şoňa laýyklykda “Global Firepower 2024” iň güýçli goşunlaryň sanawynda Türkiyäniň Ýaragly güýçleri dünýäde 3-nji orunda, Ýakyn Gündogar sebitinde bolsa 1-nji orunda durýar. Ýakyn Gündogar sebitinde ilkinji onluga giren ýurtlaryň goşunlarynyň sanawy: 

1- Türkiye  
2- Eýran
3- Müsür
4- Ysraýyl
5- Saud Arabystany
6- Yrak
7- BAE
8- Siriýa
9- Katar 
10- Kuweýt



Degişli Habarlar