Prezident Erdogan: "F-16 üçin oňyn netijelere garaşýarys" diýip belledi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Şwesiýanyň NATO agzalygyny tassyklandyklaryny, indi bolsa ABŞ-dan F-16 harby uçarlaryň üpjünçiligi bilen baglanşykly oňyn netijelere garaşýandyklaryny habar berdi

2093978
Prezident Erdogan: "F-16 üçin oňyn netijelere garaşýarys" diýip belledi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Stambulda metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi. 

Şwesiýanyň NATO agzalygynyň tassyklamak tapgyrynyň TBMM-den geçendigini, özüniň hem şol karara gol çekendigini aýdan Prezident Erdogan, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň hem Türkiyä F-16 harby uçarlaryň üpjünçiligi meselesinde öz mejlisine zerur bolan görkezmeleri berendigini habar berdi. 

Şol ädimleriň F-16-laryň Türkiyä ugradylmagy tapgyryny ýola goýjakdygyny umyt edýändigini aýdan Prezident Erdogan, tapgyra Daşary işler ministri Hakan Fidanyň ýakyndan gözegçilik edýändigini beýan etdi. 

Prezident Erdogan: "ABŞ-dan geljek netije biz üçin F-16-laryň Türkiyä ugradylmagy, abatlamak we tehniki hyzmat etmek tapgyrlarynyň başlamagyny üpjün eder" diýip mälim etdi. 

Şwesiýanyň NATO agzalygynyň tassyklanmagynyň Günbatara Türkiyäniň tutumyny görkezmekde takykdygyny aýdan Prezident Erdogan: "Biz şol bir tutanýerlilik bilen ýolumyzy dowam etdirýäris" diýip aýan etdi. 



Degişli Habarlar