Milli Howpsuzlyk gullugy Yrakda möhüm operasiýa geçirdi

Terrorçy Hülýa Merjeniň eýýäm 32 ýyl bäri terror guramasy PKK-nyň dagdaky kadr düzüminde zenanlara ýolbaşçylyk edýändigi habar berildi

2088694
Milli Howpsuzlyk gullugy Yrakda möhüm operasiýa geçirdi

Türkiyäniň Milli Howpsuzlyk gullugy Metina sebitinde terror guramasynyň Türkiyede we Yragyň demirgazygynda howpsuzlyk güýçlerine garşy köp sanda aksiýa gatnaşandygy anyklanan terrorçylara garşy operasiýa geçirdi. 

Milli Howpsuzlyk gullugynyň we Türkiyäniň Ýaragly güýçleriniň sazlaşykly işleriniň netijesinde geçirilen operasiýada täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň biriniň, terror guramanyň jogapkärlerinden "Peýman Bagok" adyny ulanýan Hülýa Merjendigi anyklandy. 

Terrorçy Hülýa Merjeniň eýýäm 32 ýyl bäri terror guramasy PKK-nyň dagdaky kadr düzüminde zenanlara ýolbaşçylyk edýändigi habar berildi. 



Degişli Habarlar