59 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Ministr Güler, serkerdeler bilen wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirdi.

2081427
59 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Milli Goranmak ministri Ýaşar Güler, Yragyň we Siriýanyň demirgazygynda 59 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini aýtdy.

Ministr Güler, ýurduň içinde we daşynda alnyp barylýan operasiýalara gatnaşýan serkerdeler bilen wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirdi.

Ministr Güler duşuşykda “Yragyň we Siriýanyň demirgazygynda 71 ýer nyşana alyndy. Howa hüjümlerinde we çaknyşyklarda 59 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. Terrora garşy alnyp barylýan egilşiksiz göreşiň dowam etjekdigini ýene-de bir gezek nygtamak isleýärin” diýdi.



Degişli Habarlar