Erdogan Gaza Sektorunda Ara Zolak Döretmek Pikirine Garşy

Prezident R.T.Erdogan Katardan gaýdyşyn uçarda žurnalistlere beýannama berdi.

2073324
Erdogan Gaza Sektorunda Ara Zolak Döretmek Pikirine Garşy

Erdogan Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Sani bilen Ysraýyl bilen Hamasyň arasynda hüjümleriň gyssagly we durnukly bes edilmegi, Gaza ynsanperwer kömekleriň üznüksiz getirilmeginiň ýola goýulmagy, iki döwletli çözgüt esasynda parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin ediljek başlangyçlary giňişleýin seljerendiklerini bean etdi.

Erdogan Al Sani bilen bu ugurdaky ýakyn hyzmatdaşlygy we bilelikdaki gatnaşyklary dowam etdirmek boýunça ylalaşandyklaryny aýtdy.

Erdogan, Ysraýylyň, Hamasyň Palestinanyň daşyndaky agzalarynyň janyna kast etme maksady hakynda “Türkiýä garşy şeýle işe girişilen halatynda jerimesini agyr çekerler. Türkiýäniň hem howpsuzlyk hem-de maglumat taýdan ýeten sepgidini dünýäde bilmeýän ýok. Şuny hiç kim ýatdan çykarmasyn” diýdi.

“Ysraýyla başda ABŞ-nyň durmagynda ähli günbatar ýurtlarynyň goldawy bolmadyk bolsady, häzirki wagtda sebitmizde bu pajygaly ýagdaý bolmazdy” diýen Erdogan; “Ysraýylyň Permýer-ministri Binýamin Netanýahu häzirki wagtda bankrod boldy. Bankord bolanyny her pursatda yglan edip biler. Netanýahu edenleriniň jezasyny çekmekden gaçyp bilmez. İru-giç jenaýat işine çekiler we eden harby jenaýatlarynyň jezasynam çeker” diýdi.

Prezident Erdogan Ysraýylyň Gazada ara zolak döretjekdigi hakynda habarlar barasynda bolsa; “Gün tertibine gelmeginem palestinaly doganlarymyza sylaşyksyzlyk hökmünde görýärin, ýerlikli däl. Bu topraklar palestinalylaryňky. Näme boljagyna, kimiň dolandyrjagyna palestin halky karar berer. Olardan başga karar kabul edijini ykrar etmeýäris” diýdi.

Prezident Erdogan şeýle hem Türkiýäniň hemaýatkärlige we Ysraýyl-Palestina Parahatçylyk Maslahatyna ýer eýeçiligini etmäge taýýardygyny beýan etdi.

 



Degişli Habarlar