Türkiyäniň Prezidenti Bütindünýä howa Sammitine gatnaşýar

Prezident Erdogan sammitiň çäginde ilkinji duşuşygyny Şotlandiýanyň Premýer ministri Hamza Ýusuf bilen geçirdi

2071515
Türkiyäniň Prezidenti Bütindünýä howa Sammitine gatnaşýar
erdogan-meloni.jpg
iskocya hamza yusuf-erdogan.jpg
guterres-erdogan-al nahyan dubai cop28.jpg
Ali Akbar Mehrabian dubai.jpg
COP28 dubai
Mirziyoyev-Erdogan.jpg

Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň taraplarynyň nobatdaky 28-nji mejlisiniň (COP28) çäginde geçiriljek Bütindünýä Howa sammitine gatnaşmak maksady bilen Birleşen Arap Emirliklerine bardy. 

Prezident Erdogany Dubaý Halkara howa menzilinde BAE-niň Wise-prezidenti Şeýh Mansur bin Zaýid Al Nahaýan garşylady. 

Prezident Erdogan Bütindünýä howa Sammitiniň geçirilýän ýeri bolan Dubai Expo Centerde BAE-niň Döwlet baştutany Şeýh Muhammed bin Zaýed Al Nahaýan we BMG-nyň baş sekretary Antoniu Guterriş tarapyndan garşylandy.

Prezident Erdogan sammitiň çäginde ilkinji duşuşygyny Şotlandiýanyň Premýer ministri Hamza Ýusuf bilen geçirdi.

Duşuşykda sebitleýin we global meseleler bilen birlikde Gazanyň soňky ýagdaýy ara alynyp maslahatlaşyldy.

Prezident Erdogan NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg bilen hem gysga wagt söhbetdeş boldy. 

Erdogans aparynyň çäginde Italiýanyň Premýer ministri Jorjiýa Meloni we Özbegistanyň Prezidenti Şewket Mirziýoýew bilen duşuşyk geçirdi. 



Degişli Habarlar