Türkiyeden ugradylan "Ýagşylyk Otlusy" Owganystana baryp ýetdi

19-njy Ýagşylyk Otlusy bilen Owganystana ugradylan ynsanperwer kömegiň mukdary 8 müň 201 tonna ýetdi

2068908
Türkiyeden ugradylan "Ýagşylyk Otlusy" Owganystana baryp ýetdi
afganistan iyilik treni.jpg
afganistan iyilik treni.jpg

Merkezi Türkiyede ýerleşýän raýat jemgyýetçilik guramalarynyň goldaw bermeginde üpjün edilen ynsanperwer kömek daşaýan 19-njy "Ýagşylyk Otlusy" Türkmenistan serhedinde ýerleşýän Turgundi gümrük geçelgesinden Owganystanyň Hyrat welaýatyna baryp ýetdi. 

Düzüminde çadyr, ýorgan-düşek, generator, azyk önümleri, aşhana we arassaçylyk serişdeleri bolan 500 tonandan gowrak ynsanperwer kömek, esasan hem Hyrat welaýatynyň ýer titremede zyýan çeken sebitleri bilen Pakistan-Owganystan serhedinde Pakistandan yzyna ugradylan owgan bosgunar üçin paýlanar. 

Türkiyäniň Kabul missiýasynyň ýolbaşçysy we ilçiniň geňeşçisi Jenk Ünal, Türkiyäniň kyn wagtlarda owgan halkynyň ýanyndadygyny, ynsanperwer kömegiň mundan soň hem dowam etjekdigini habar berdi. 

19-njy Ýagşylyk Otlusy bilen Owganystana ugradylan ynsanperwer kömegiň mukdary 8 müň 201 tonna ýetdi. 

Ady agzalan ynsanperwer kömek Owganystanda müňlerçe maşgala ugradyldy. 



Degişli Habarlar