Türkiýäniň Energetika we Tebigy Serişdeler Ministri Yrakda Saparda Boldy

Yragyň Premýer-ministri, Türkiýe bilen nebit eksportynyň ýaňadandan başlamagy üçin gepleşik geçirmäge taýardyklaryny aýtdy.

2067735
Türkiýäniň Energetika we Tebigy Serişdeler Ministri Yrakda Saparda Boldy

Yragyň Premýer-ministri Muhammed Şiýa As-Sudani, Türkiýe bilen nebit eksportynyň ýaňadandan başlamagy üçin gepleşik geçirmäge taýardyklaryny aýtdy.

Yragyň Premýer-ministri ýurdunda saparda bolan Türkiýäniň Energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktary kabul etdi.

Premýer-ministri Sudani kabul edilşikde ýurdundan Türkiýä nebit eksportynyň ýaňadandan başlamagy üçin gepleşik geçirmäge taýardyklaryny nygtady.

Türkiýäniň Energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar bolsa Yragyň diňe Türkiýe üçin däl eýsem energetika pudagy taýdan tutuş Ýewropa üçin diýseň möhümdigini ýatlatdy.

Ministr Baýraktar saparynyň çäginde Yragyň Nebit ministri Haýýan Abdulgani bilen toparara gepleşiklere gatnaşdy.



Degişli Habarlar