Atatürki Uly Hormat Bilen Hatyralaýarys

Mustafa Kemal Atatürk, aradan çykan gününiň 85-nj ýylynda ýurduň çar tarapynda, DKTR-da we daşary ýurtlardaki wekilhanalarynda uly hormat bilen hatyralanýar.

2062739
Atatürki Uly Hormat Bilen Hatyralaýarys

Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjysy Mustafa Kemal Atatürk, aradan çykan gününiň 85-nj ýylynda ýurduň çar tarapynda, DKTR-da we daşary ýurtlardaki wekilhanalarynda uly hormat bilen hatyralanýar.

TBMM-niň başlygy Numan Kurtulmuş, paýtagt Ankarada Atatürkiň gubyrynyň ýerleşýän ýeri bolan Atatürkiň aramgähinde geçirlen resmi dabara gatnaşdy we Prezidentiň Kompleksinde geçiriljek hatyralama çäresine gatnaşar.

TBMM-niň Numan Kurtulmuş, Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjysy Gazi Mutafa Kemal Atatürkiň aradan çykan gününiň 85-nji ýylynda ýüzlenme çap etdi.

Kurtulmuş, sosial mediadan beren ýüzlenmesinde, “Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň ilkinji başlygy, Respublikamyzyň esaslandyryjysy Gazi Mustafa Kemal Atatürki aradan çykan gününiň 85-nji ýylynda uly hormat bilen hatyralaýarys. Ruhy şat bolsun. Eziz watanymyz üçin janlaryny gurban eden ähli şehitlerimiziň, aradan çykan gahrymanlarymyzyň ýatan ýeri ýagty bolsun” diýdi.

Din işleri edarasy hem aradan çykan gününiň 85-nji ýylynda Mustafa Kemal Atatürki uly hormat bilen hatyralady.



Degişli Habarlar