Türkiýe Pakistanda Guralan Terror Hüjümini Ýazgardy

Daşary işler ministrligi Pakistanda 14 esgeriň ölen terror hüjümi hakynda ýazmaça beýannama çap etdi.

2060233
Türkiýe Pakistanda Guralan Terror Hüjümini Ýazgardy

Pakistanyň Bulujistan welaýatynyň Gwadar şäherinde düýn bolan terror hüjüminde 14 esgeriň pida bolmagyna çuňňur gynanç bildirilýän beýannamada; “Bu elhenç terror hüjümini ýazgaryp, pida bolanlara alladan rehnet, hossarlaryna duýgudaşlyk bildirýäris. Terrorizme garşy bilelikdäki göreşimiz dost we doganlyk ýurt Pakistanyň hökümeti hem-de halky bilen arkalaşygymyzy ýene-de bir gezek nygtasymyz gelýär” diýilýär.

Gwadar şäherinde howpsuzlyk güýçlerini alyp barýan 2 ulaga guralan hüjümde 14 esger ýoğaldy.

Hüjümiň jogapkärçiligini boýun alan bolmady.



Degişli Habarlar