Eýranyň Daşary Işler Ministri Ankarada Saparda Boldy

Hakan Fidan, resmi sapar bilen Ankara gelen Eýranyň Daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýan bilen duşuşdy.

2059010
Eýranyň Daşary Işler Ministri Ankarada Saparda Boldy

Daşary işler ministri Hakan Fidan, Ysraýyl bilen Hamasyň arasyndaky çaknyşygyň sebitleýin çaknyşyga öwrülmegini islemeýändiklerini nygtap, hüjümleriň bes edilmegi üçin çagyryş berdi.

Hakan Fidan, resmi sapar bilen Ankara gelen Eýranyň Daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýan bilen duşuşdy.

Iki kärdeş özara duşuşykdan soň metbugata beýannama berdi.

“Adalatly dünýä ulgamyny isleýän bolsak hemişe tutanýerli tutum alnyp barylmaly” diýen ministri Fidan, “Ukraina üçin aýry, Palestina üçin aýry tutum alnyp barylmaly däl” diýdi.

Daşary işler ministri Fidan, hüjümleriň bes edilmegi üçin ýene-de bir gezek çagyryş berdi.

Eýranyň Daşary işler ministri bolsa “Gazada zenanlara we çagalara garşy guralýan hüjümler dowam eden halatynda netijesi çagyr bolar” diýdi.



Degişli Habarlar