Prezident Erdogan Halky Palestina Mitingine Gatnaşmaga Çagyrdy

"Doganlaryma Stambulda Atatürk howa menzilinde geçiriljek Palestina mitingine gatnaşmaklary üçin çagyryş berýärin"

2057054
Prezident Erdogan Halky Palestina Mitingine Gatnaşmaga Çagyrdy

Prezident R. T. Erdogan, halka Palestina mitingine gatnaşmaklary üçin çagyryş berdi.

Prezident Erdogan, sosial mediadan beren habarnamasynda “Ysraýyl, Gaza guraýan hüjümlerinde zenanlary, çagalary we asuda ilaty nyşana almaga dowam edýär. Ysraýyl bu hüjümlerini gyssagly bes etmeli. Ähli doganlarym bilen şu gün hüjümleriň bes edilmegi üçin güýçli çagyryş bereris. Ysraýylyň zulumyna garşy Palestinanyň halkyna goldaw berýändigimizi görkezmek üçin ähli doganlaryma Stambulda Atatürk howa menzilinde geçiriljek Palestina mitingine gatnaşmaklary üçin çagyryş berýärin” diýdi.



Degişli Habarlar