Hakan Fidan Eýranda Saparda Boldy
Fidan, Tähranda geçirlen Günorta Kawkaz Sebitara hyzmatdaşlyk platformasynyň maslahatyna gatnaşdy
Daşary işler ministri Hakan Fidan, Türkiýäniň yzygiderli parahatçylygyň ýola goýulmagyny we sebitara kynçylyklaryň gepleşik arkaly çözülmegini isleýändigini aýtdy.
Daşary işler ministrliginden berlen habarnamada, Fidanyň Eýranyň paýtagty Tähranda geçirlen Günorta Kawkaz Sebitara hyzmatdaşlyk platformasynyň maslahatyna gatnaşandygy nygtaldy.
Habarnamada, daşary işler ministrleri derejesinde geçirlen maslahata ýer eýesi Eýran bilen birlikde Azerbaýjanyň, Ermenistanyn we Russiýanyň gatnaşandygy bellenildi.
Daşary işler ministri Fidanyň, Eýranyň Daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýanyň, Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň, Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramowyň we Ermenistanyň Daşary işler ministri Ararat Mirzoýanyň gatnaşmagynda geçirlen maslahatdan soň bilelikdäki jemleýji jarnama çap edildi.
Jarnamada, düşnüşmezlikleriň parahatçylykly ýagdaýda çözülmegine syýasy garaşsyzlyga, territorial bitewilige we adam hukuklaryna sarpa goýulmagyna üns çekidli.
Jarnamadai bilim, ylym, syýahatçylyk, medeniýet we sport ýaly ugurlarda ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmeginiň ähmiýetine üns çekildi.
Daşary işler ministri Hakan Fidan, Tährana guran iş saparynyň çäginde Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi tarapyndan kabul edildi, Ermenistanyň Daşary işler ministri Mirzoýan we Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Baýramow bilen duşuşyk geçirdi.
Degişli Habarlar
Prezident Erdogan, Gollandiýanyň Premýer-ministrini Kabul Etdi
Wahdettin köşgünde bolan kabul edilşik metbugata ýapyk häsiýetinde geçirildi.
TRT Ispan Digital Habar Platformasy Düşümli Bolsun
TRT Ispan digital habar platformasy dabaraly ýagdaýda açyldy.