Erdogan Şwesiýanyň NATO Agzalyk Teswirnamasyny Tassyklady

Şwesiýanyň NATO agzalyk teswirnamasy Prezident R.T.Erdogan tarapyndan tassyklanyp, Türkiýäniň Beýik Millet Meclisiniň garamagyna hödürlendi.

2054850
Erdogan Şwesiýanyň NATO Agzalyk Teswirnamasyny Tassyklady

Kommunikasiýalar edarasynyň sosial media hasabyndan berilen habarnamada; “Şwesiýanyň NATO agzalyk teswirnamasy Prezidentimiz Hormatly R.T.Erdogan tarapyndan 2023-nci ýylyň 23-nci oktýabrynda tassyklanyp, TBMM-niň garamagyna ugradyldy” diýilýär.

Şwesiýanyň Premýer-ministri Ulf Kristersson Prezident Erdoganyň Şwesiýanyň  NATO agzalyk teswirnamasynyň Prezident Edogan tarapyndan tassyklanmagyna we Meclisiň garamagyna hödürlenmegine kanagatlanma bildirýäris. İndi Meclisdäki proseduralar başlaýar. NATO agza bolmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýarys” diýdi.

NATO-nuň Baş sekretary Ýens Stoltenberg hem Prezident Erdoganyň Şwesiýanyň agzalyk teswirnamasyna gol çekmegine we TBMM-niň garamagyna ugradylmagyna öz kanagatlanmasyny bildirdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň Metbugat sekretary Mattew Miller bolsa; “Bu başlangyca hoşallygymyzy bildirýäris. Bu taslamanyň gysga möhletde TBMM-de selcerilmegine we kabul edilmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýarys” diýdi.



Degişli Habarlar