Prezident Erdogan gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi

Prezident Erdogan Türkiyäniň Ýakyn Gündogarda ilki bilen ynsanperwer ýaraşygy, soň bolsa hemişelik durnuklylygyň ýola goýulmagy üçin edýän tagallalaryny dowam etdirjekdigini habar berdi

2053177
Prezident Erdogan gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan sosial media hasabyndan beren beýanatynda, Saud Arabystanynyň Jidde şäherinde geçirilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ýerine ýetirijiler komitetiniň nobatdan daşary maslahaty, Gaza garşy guralýan hüjümler we Türkiyäniň edýän kömekleri bilen krizisiň çözüwi bilen bagly edýän ädimleriniň üstünde durup geçdi. 

"Jidde şäherinde geçirilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ýerine ýetirijiler komitetiniň nobatdan daşary maslahatyny, Ysraýylyň artýan zulumynyň öňünde Yslam dünýäsiniň tutanýerliligini, Palestinanyň halky bilen raýdaşlygyny we Palestina dawasyna berýän goldawyny anyk ýagdaýda görkezmegini takdyr edýärin" diýip aýdan Prezident Erdogan, 7-nji oktýabrda başlan we ähli sebite ýaýbaňlanmak howpy bolan krizisiň çözüwi üçin ilkinji günden başlap uly tagalla edýändiklerini habar berdi. 

Türkiyäniň eýýäm 17 ýyl bäri gabaw astynda bolan bigünä Gazanyň halkyna ýardam elini uzatmaga dowam edýändigini aýdan Prezident Erdogan: "Emma parahatçylygy üpjün etmek bilen bagly tagallalarymyz sebite uçargöter gämileriniň ugradylmagy, Palestinanyň halkyna berilýän kömekleriň kesilmegi we Gazanyň halkyny köpçülikleýin jezalandyrmak ýaly ädimler bilen puja çykdy. Barha netijesiz bolup barýan Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşi ýene-de bir gezek jogapkärçiligini ýerine ýetirip bilmedi. Adam hukuklary we azatlyklary babatynda mangalda kül goýmaýan Günbatar ýurtlar, alawyň üstüne ýag bilen gitmekden daşary hiç bir ädim etmedi. Halkara media organlary taraply we ikiýüzli neşirleri bilen adam gyrgynçylygyny aklamak ýaryşyna giren ýaly" diýip belledi. 

Howpsuz zolak diýilýän ýerlere göçen bigünä adamlaryň, serhet geçelgeleriniň, metjitleriň, mekdepleriň we asuda ilatly ýaşaýyş ýerleriň bombalanmagynyň soňky 12 günde şaýat bolan harby jenaýatlaryň käbirleridigine ünsleri çeken Prezident Erdogan, Al-Ehli Arap hassahanasyna garşy guralan hüjüm bilen Gazadaky gyrgynçylygyň başga ölçege geçendigini beýan etdi. 

Adamzada garşy jenaýat bolan we Gazanyň halkyna garşy gyrgynçylyk derejesine ýeten bu hüjümiň jogapkärlerini ýazgarýandygyny, şol gyrgynçylykdan, jogapkärler ýaly 7-nji oktýabrdan bäri beren beýanatlary bilen oda benzin dökýänleriň hem jogapkärdigini aýdan Prezident Erdogan: "Türkiye hökmünde ilki bilen ynsanperwer ýaraşygyň, soň bolsa hemişelik durnuklylygyň ýola goýulmagy üçin edýän tagallalarymyzy dowam etdireris" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar