Daşary Işler Ministri Fidan Hytaýly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Iki kärdeş Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümleri hakynda pikir alyşdy.

2051165
Daşary Işler Ministri Fidan Hytaýly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Daşary işler ministir Hakan Fidan, Hytaýyň Daşary işler ministri Wan Ýi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Diplomatik çeşmeleriň berýän habaryna görä, iki kärdeş telefon söhbetdeşliginde Ysraýylda we Palestinada başdan geçirilýän soňky wakalar we Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümleri hakynda pikir alyşdy.

Hamasyň harby topary Kassam, şenbe güni ysraýyla garşy “Aksa tupany” ady bilen giň gerimli hüjüm başladypdy.

Gazadan Ysraýyla müňlerçe raketa atyldy we ýaragly toparlar hem ilatly ýerlere girdi.

Ysraýylyň harby goşuny hem harby uçarlar bilen Gaza sektoryna garşy “Demir Gylyçlar” operasiýasyny başladandygyny mälim edipdi.

Dartgynlyk sebäpli iki tarapda hem ýüzlerçe adam ýogaldy.



Degişli Habarlar