Türkiýe, Gaza Ynsanperwer Kömegini Bermäge Dowam Edýär
Ynsanperwer kömegi Refah gümrük geçelgesinden Gaza ýetirler.
2050820
Türkiýe, Gazaly asuda ilat üçin ynsanperwer kömegini bermäge dowam edýär.
Türkiýäniň ynsanperwer kömegini alyp giden uçar Müsüriň halkara Ariş howa menziline gondy.
Lukmançylyk enjamlaryndan, arassaçylyk serişdelerinden we azyk önümlerinden ybarat ynsanperwer kömegi Refah gümrük geçelgesinden Gaza ýetirler.
Türkiýe düýn hem Gazaly asuda ilat üçin iki uçar bilen Müsüre ynsanperwer kömegini ugradypdy.
Degişli Habarlar
Yragyň demirgazygynda PKK-a agza 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Yragyň demirgazygynda ekstremist terror guramasy PKK-a agza 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi