Hakan Fidan BAE-li kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Daşary işler ministri Hakan Fidan, Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler ministri Şeýh Abdullah bin Zaýid Al Nahaýan bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

2050349
Hakan Fidan BAE-li kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan, Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler ministri Şeýh Abdullah bin Zaýid Al Nahaýan bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. 

Diplomatik çeşmelerden alynan maglumata görä, telefon söhbetdeşliginde Ysraýylda we Palestinada başdan geçirilen soňky wakalaryň çarçuwasynda Gazadaky ynsanperwer ýagdaý ara alynyp maslahatlaşyldy. 

Hamasyň harby şahasy Kassam topary şenbe güni Ysraýyla "Aksa Tupany" atly giň gerimli hüjüm başladandygyny habar beripdi. Gazadan Ysraýyl tarapyna müňlerçe raketa bilen hüjümler guraldy we ýaragly toparlar sebitdäki ilatly ýerlere giripdi. 

Ysraýylyň goşuny bolsa harby uçarlar bilen Gaza sektoryna "Demir Gylyçlar" operasiýasyny başladandygyny habar berdi. 

Başdan geçirilýän dartgynlyklar sebäpli taraplaryň ikisinden hem ýüzlerçe adam ýogaldy. 



Degişli Habarlar