Daşary Işler Ministri Fidan Italiýaly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Fidan bilen Taýani, Ysraýylda we Palestinada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.

2048792
Daşary Işler Ministri Fidan Italiýaly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Daşary işler ministri Hakan Fidan, Italiýanyň Daşary işler ministri we Wise-premýeri Antonio Taýani bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Diplomatik çeşmeleriň berýän habaryna görä, Fidan bilen Taýani telefon söhbetdeşliginde, Ysraýylda we Palestinada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.

Hamasyň harby topary Kassam, şenbe güni ysraýyla garşy “Aksa tupany” ady bilen giň gerimli hüjüm başladypdy.

Gazadan Ysraýyla müňlerçe raketa atyldy we ýaragly toparlar hem ilatly ýerlere girdi.

Ysraýylyň harby goşuny hem harby uçarlar bilen Gaza sektoryna garşy “Demir Gylyçlar” operasiýasyny başladandygyny mälim edipdi.

Dartgynlyk sebäpli iki tarapda hem ýüzlerçe adam ýogaldy.



Degişli Habarlar