Hakan Fidan, Ysraýyl-Palestina Dartgynlygy Barada Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Hamasyň harby topary Ysraýyla garşy “Aksa tupany” atly giň gerimli hüjüm başladypdy.
Daşary işler ministri Hakan Fidan, Ysraýyl bilen Palestinanyň arasynda başdan geçirilýän dartgynlykdan soň kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Diplomatik töwerekleriň berýän maglumatyna görä, Fidan, kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Hakan Fidan, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, Kataryň Daşary işler ministri Muhamed bin Abdurrahman Al Sani, Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri Faýsal bin Ferhan, Müsüriň Daşary işler ministri Samih Şükri, Palestinanyň Daşary işler ministri Riýad Al Mailiki we Eýranyň Daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýan bilen Ysraýyl-Palestina dartgynlygy hakynda pikir alyşdy.
Hamasyň harby topary Kassam düýn irden Ysraýyla garşy “Aksa tupany” atly giň gerimli hüjüm başladypdy.
Gazadan Ysraýyla müňlerçe raketa atyldy, ýaragly toparlar sebitdäki ilatly ýerlere girdi.
Ysraýylyň harby goşuny hem onlarça harby uçar bilen Gaza sektoryna hüjüm guramaga başlapdy.
Degişli Habarlar
“Gabar we Kato Daglary Terror Bilen Däl, Eýsem Indi Nebiti Bilen Tanalýar”
Iş sapary bilen Şyrnak welaýatyna giden Ministr Güler metbugata beýannama berdi.
Türkiýäniň Galkynyş Ýoly taslamasynda işleriň depgini güýçlenýär
Ulaglar ministri Uşaglar ministri Abdulkadir Uralogly taslamanyň möhüm sepgide ýetendigini aýtdy.