Prezident Erdogan Ankarada PKK tarapyndan guralan hüjümiň üstünde durup geçdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan müňlerçe çaga-balasy terrorda gurban bolan bir millet hökmünde eli ganly jenaýatkärlere edilýän geçirimli çemeleşmä hakykatdan hem düşünmeýändiklerini habar berdi

2045732
Prezident Erdogan Ankarada PKK tarapyndan guralan hüjümiň üstünde durup geçdi

Prezident Erdogan Döwlet Geňeşindäki dabarada eden çykyşynda, hepdäniň ahyrynda ýurduň paýtagty Ankara şäherinde ekstremist terror guramasy PKK-a agza terrorçylar tarapyndan guralan bombaly hüjümiň üstünde durup geçip, Günbatar ýurtlaryny tankyt etdi. 

Her tarapdan rehimsiz we agressiw terror guramasy bilen ýüzbe-ýüzdüklerini aýdan Prezident Erdogan: "Terrorçylar täsirsiz ýagdaýa getirilmedik bolsady, daşary ýurda gaçyp syýasy bosgun bolardylar. Dostlarymyzdan ýazgarmak bilen bilelikde anyk ädimler edilmegini görmek isleýäris. Bizi köşeşdirýän, terrorçylygy ýazgarýan beýanatlaryňyzyň ýaralarymyza melhem bolmajakdygy bilinmeli" diýip habar berdi. 

Erdogan işleriň içi dolan subutnamalara garamazdan terroryň ýolbaşçylaryna garşy hiç hili ädim edilmezligine düşünıp bilmeýändiklerini belläp: "Müňlerçe çaga-balasy terrorda gurban bolan bir millet hökmünde eli ganly jenaýatkärlere edilýän geçirimli çemeleşmä hakykatdan hem düşünmeýäris" diýip nygtady. 

Çykyşynda raýat konstitusiýa talabynyň hem üstünde durup geçen Prezident Erdogan: "Raýatlarymyzyň azatlyk ugurlaryny giňeltmek baradaky idealymyzyň başynda, döwletimizi agdarlyşyk konstitusiýasyndan halas etmek bardyr" diýip belledi. 

Erdogan raýat konstitutsiýa talabyna syýasy guramalar başda bolmak bilen jogapkärçilikli wezipelerdäki islendik adamyň gulagyny ýapmak rahatlygynyň bolmandygyny beýan etdi. 



Degişli Habarlar