Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Düýn paýtagt Ankara şäherinde Içeri işler edarasynyň baş müdürligindäki hüjümi guran terrorçylaryň biriniň ekstremist terror guramasy PKK-nyň agzasydygy anyklanypdy

2044915
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Türkiyäniň Milli Goranmak ministrligi Yragyň demirgazygyndaky Metina, Hakurk, Kandil we Gara sebitlerindäki terrorçylara degişli ýerlere howa operasiýasynyň geçirilip, aralarynda jogapkär ýolbaşçy terrorçylar hem bolan 20 aýry nyşananyň ýok edilendigini habar berdi. 

Milli Goranmak ministrliginiň sosial media hasabyndan berilen beýanatynda, terrorçylaryň özlerine garaşýan zatlardan gaçyp halas bolup bilmejekdikleri bellenip: "Gijeleriň birinde olary duýdansyz hinlerinde ýok etdik, ýok etmäge dowam ederis. Terrorçylar dolulygyna ýok bolýançalar çenli göreşimiz dowam eder" diýip mälim edildi. 

Beýanatda: "PKK/KJK we terrorçylara degişli beýleki nyşanalar täsirsiz ýagdaýa getirilip, Yragyň demirgazygyndan halkymyza we howpsuzlyk güýçlerimize garşy terrorçylykly wehimleri ortadan aýyrmak we serhet howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, BMG-nyň düzgünnamasynyň 15-nji maddasyndan gözbaş alýan kanuny taýdan özüňi goramak hukugynyň çäginde, Yragyň demirgazygyndaky Metina, Hakurk, Kandil we Gara sebitlerinde bar bolan terrorçylara degişli ýerlere garşy 2023-nji ýylyň 1-nji oktýabr güni sagat 21:00-da howa operasiýasy geçirildi. Geçirilen howa operasiýasy bilen ekstremist terror guramasy tarapyndan ulanylan we içinde ýokary derejeli ýolbaşçy terrorçylar hem bolan gowaklar, gaçybatalgalar, ammarlar ýok edildi" diýip habar berildi. 

Beýanatda operasiýada asuda ilat, dostlukly elementler, taryhy we medeni baýlyklar we daşky gurşawa zyýan ýetmezligi üçin her dürli çäräniň görülendigi aýan edildi. 

Beýleki tarapdan Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa ekstremist terror guramasyna garşy Stambulda we Kyrklareli welaýatlarynda 26 aýry öý salgysynda geçirilen operasiýada 20 adamyň göz tussaglygyna alynandygyny habar berdi. 

Düýn paýtagt Ankara şäherinde Içeri işler edarasynyň baş müdürligindäki hüjümi guran terrorçylaryň biriniň ekstremist terror guramasy PKK-nyň agzasy Kaniwar Erdal adyny ulanýan Hasan Oguzdygy anyklandy. 

Içeri işler ministrliginden berilen beýanatda: "Beýleki terrorçynyň şahsyýetiniň anyklanmagy üçin işler geçirilýär" diýip bellendi. 



Degişli Habarlar