Ankarada Terrorçylykly Hüjüm Guraldy

“Terrorçylardan biri öz janyna kast etdi, beýleki terrorçy hem täsirsiz ýagdaýa getirildi”

2044606
Ankarada Terrorçylykly Hüjüm Guraldy

Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa, paýtagt Ankarada Içeri işler müdürliginiň gapysynyň öňüne ýeňil ulag bilen gelen 2 terrorçynyň bombaly hüjüm gurandygyny habar berdi.

Wakada iki gullukçynyň ýeňil ýaralanandygyny aýdan Ministr Ýerlikaýa “Terrorçylardan biri öz janyna kast etdi, beýleki terrorçy hem täsirsiz ýagdaýa getirildi” diýdi.

Waka hakynda derňew işiniň gozgalandygy bellenildi.



Degişli Habarlar